- eýer
- Üstünde oturmak üçin gylýala salynýan esbap.∙ Gyr atyna eýer saldy. (B. Seýidow, Bagtlylar)∙ Eýeriň üstünde keserip oturdy. (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)∙ Şonuň üçin hem bu çaga eýere mäkäm ýapyşdy. («Görogly» eposy)∙ Eýeri kellesiniň aşagynda goýupdyr. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)∙ Elindäki gamçynyň sapy bilen eýeriň gaşyna tarkyldatdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Başlyk agyr göwresini emaý bilen eýer üstüne goýberdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ At alma, eýer al. (Nakyl)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.